Uzak Gündogarda, çukçalaryň ýaşaýan
bir obasynda örän-örän akylly oglanjyk dünýä inipdir. “Bolduň meň başyma
beýle akylly” diýip ol oglany beýleki çukçalar masgaralap obasyndan kowupdyrlar.
Obasyndan kowlan akylly oglanjyk Ýuwaş okeanyndaky bir ada göçüp gidipdir. Şondan
soň ýaponlar döremäge başlapdyr.
Uniwersitetiň talyby naharhanada öz
mugallymynyň ýanyna geçip oturmak isleýär. Emma, mugallym:
-Doňuz ördege ýoldaş bolup bilmez – diýýär. Talyp:
-Onda men uçýan we sizi ýeke goýýan – diýýär we gidýär.
Gahary gelen mugallym ony ekzamende ýykmaklygy ýüregine düwýär. Ýöne, biziň
talybymyz ekzamende hemme soraglara gowy jogap berýär.
Her zat etmeli welin ony ekzamenden ýykmagy ýüregine düwen mugallym goşmaça
sorag soraýar:
-Hany, aýt. Öňüňden 2 halta çyksa, biri altyndan doly bolsa, beýlekisem akyldan
doly bolsa haýsy haltany aljak?
-Elbetde, altynly haltany aljak!
-A, men bolsa akylly haltany alardym.
-Ýollaş mollym her kim geregini almaly-da.
Muňa has gahary gelen mugallym onuň baha depderini alyp, “Eşşek” diýip ýazýar.
Muňa üns bermedik talyp depderini alyp çykyp gidýär. Ertesi gün talyp mygallymyny
gözläp tapýar we depderini uzadyp:
-Ýollaş mollym. Düýn depderime goluňyzy çekipsiňiz welin, baha goýmagy
unudaýypsyňyz diýýär.
Amerikanlar
Güne uçmagy ýüreklerine düwýärler. Ýöne Güne uçjak adam tapanoklar, her
kim gorkýarmyş. Onsoň, „Kim näçe dollara Güne
uçmaga razy bolar?“ diýen halkara konkurs geçirýärler. Her kim “bir
million dollara uçaryn” diýýämiş. Diňe bir ýewreý “üç million berseňiz men
razy bolaýyn” diýýämiş.
-Her kim 1 milliona razy bolýarka sen name üçin 3 million soraýaň, name etjek onça
puly? – diýip ýewreýden soraýarlar. Ýewreý:
-Näme ederin öýdýäň?! 1 million size, 1 million maňa, 1 millionam Güne uçmaga
razy bolana berjek!
Adamlardan hyryn-dykyn awtobus.
Sürüji duýdansyz tormaz berýär. Bir ýaş gelin gyssanjyna ýanynda duran
ýaşulynyň sakalyndan ýapyşýar. Birinji duralga gelýär, gelin ýaşulyň sakalyny
göýberenok, ikinji duralga gelýär, gelniň azaryna-da däl, ýaşulyň sakalyny
goýberenokmyş. Ahyry muňa çydamadyk ýaşuly:
-Aý, gelin! Sakalymy göýberseňizle!!! –diýýär. Gelin bolsa gözüni elek-çelek
edip:
-Näme, ýaşuly! Eýýäm düşjek bolýaňyzmy?
Bir gamgyn
pyşdyl kafe-bara girip, bir stakan suw soraýar. Suwly stakan berlensoň, ol çykyp
gidýär. Ertir ýene-de şol pyşdyl, şol gamgyn ýüzi bilen şol bara gelýär. Ýene
bir stakan suw dileýär we suwy alyp yzyna dolanýar. Şeýle waka bir hepdäniň
dowamynda gaýtalanyp durýar. Muňa çydamadyk barmen ahyry bir gün soraýar:
-Näme, pyşdyl dost, ýüzüň salyk? Onsaňam, näme
üçin her gün bir stakan suw soraýaň?
Bu soraga pyşdyl aglap, şeýle diýipdir:
-Bu soragyňa jogap bermäge meniň wagtym ýok, men bir hepde bäri ýanýan öýümi
öçürip bilemok…
-Şu gün irden öýe gelemde, aýalym
öýmüze ogry girjek bolandygyny aýtdy.
-Şeýlemi? Nähili gowulykmy özi? Aýalyň jany sagmy?
-Aýalym gowu-la. Ýöne ogry keselhana, renimasiýa düşüpdir. Aýalym öýe men gelendirin öýdüp, ogryny taýak bilen
ýenjipdir…
Tölegli keselhanada lukman näsaga
diýýär:
-Şu günden başlap ne çakyr, ne-de arak içmeli dälsiň!
-Näme, lukman jan, meň ýagdaýym gaty erbetmi?
-Ýok, erbet däl, ýöne meň bilen hasaplaşmak üçin biraz pulyňy tygşytlamagyň
gerek.
Polisiýa-KAKA özüniň Polisiýa-OGLUNY
irden sagat ýediniň ýarynda oýarýar:
-Tur, oýan oglum. Ýogsam şofýorlar ýarym sagat bäri köçelerde pul tölemän
maşynly aýlanyşyp ýörendirler…
BILDIRIŞLER:
1. Içi pully gapjygymy ýitirdim. Gapjygymy tapan adam iň bolmada pulymy bir yzyna
bersin.
2. Sürüjilik şahadatnamasyny satyn alan adama “Ýol hereketleriniň düzgünleri”
atly kitapjyk sowgat beriljekdir.
MASLAHAT.
Eger-de siz işe gijä galmak islemeýän bolsaňyz, onda jaňly sagadyňyzyň üstünde
syçan tutýan gapan gurup goýuň.
|