ªirin-ºeker datly gawun
Türkmen
gawunlarynyò ºan-ºöhraty barada dünýäniò belli jahankeºdeleri we taryhçylary
gyzykly maglumatlary galdyryp gidipdirler. XII asyrda ýaºap geçen fransuz syýahatçysy
„Men hiç ýerde ºeýle datly tagam datmandym“ diýse, on ikinji asyryò meºhur
taryhçysy Al-Makdisi: „Merwiò kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek
zat ýokdur“ diýipdir. Merw we Horezm gawunlaryny arap halyflary Mamunyò we Wasihiò
köºklerine daºy buz bilen gurºalan gurºun gaplarda eltipdirler. Olar eltilmeli
ýerine zaýalanman eltilen halatynda her gawun üçin 700 dirhem töläpdirler.
Fransua Bernýe on ýedinji asyrda gyº
paslynda Delide Orta Aziýadan getirilen gawunlaryò gymmat bahadan satylýandygy hakynda
ýazypdyr. Ol gawunlary pagta dolap eltýän ekenler. Türkmen gawunlary hytaý
imperatorlarynyò, hindi ºalarynyò we arap halifleriniò desterhanlaryny bezese,
ºirin-ºeker türkmen gawunlary Soltan Sanjaryò, Baýram han Türkmeniò we beýleki
türkmen hökümdarlarynyò söýer aºy bolupdyr.
Orta Aziýaly täjirler gawunlary Ýewropa
hem äkidipdirler. Ýöne gawuny barjamly, baý adamlar satyn alyp bilipdir. Umuman, gawun
ºa desterhanyna mynasyp ýokumly iýmit hasaplanypdyr. Ýewropa patyºalary dabaraly
gawun iýiºlige öz golastyndakylaryò diòe golaýlaryny çagyrypdyrlar. Gawuny
ýewropalylar diýseò gowy görüpdirler. Mysal üçin, Rim imperatory Klawdiý Albin
ertirlik naharynda gawun iýmegi gowy görýän eken.
Lukman Hekim diýlip tanalýan meºhur Ibn
Sina hem türkmen gawunlarynyò dürli kesellere dermandygyny aýdyp, olary öz
tebipçilik iºinde giòden ulanypdyr. Sebäbi gawunlaryò düzüminde gant, karotin, S,R
witaminleri, adam organizmi üçin gymmatly minerallar köp. Gawun peºew halta, öt
halta, bagra, az-azdan iýilse aºgazana, içegelere oòat täsir edýär. Ol nerw
rahatlygyny döredip, keýpiòi çag edýär. Gün ºöhlesiniò ýakymsyz täsirini
aýyrýar. Waharman gawunynyò ternesi inçekeseliò, öýken keselleriniò, demgysmanyò
dermanydyr.
Türkmenistanda gawunyò haýsy
döwürlerden bäri ösdürilip ýetiºdirilýändigi barada taryhyò saralan
sahypalarynda maglumatlar bar. Muòa Merwde gazuw-agtaryº iºleri geçirilen wagty gadymy
Gäwürgaladan tapylan gawun çigitleri hem ºaýatlyk edýär. Biziò eýýamymyzyò VI
asyrynda Türkmenistanda bakja ekinlerini, esasanam gawundyr garpyz ekýän daýhanlar
ýer üçin tölenýän salgytdan boºadylýan eken.
Biziò günlerimizde ýurdumyzyò
babadaýhanlary gawunlaryò dürli görnüºlerini ösdürip ýetiºdirýärler. Sahawatly
topragyò nury çaýylan bereketli gawunyò ösdürilip ýetiºdiriliºine ünsüò
güýçlenmegi ýöne ýerden däldir. Merhemetli Prezidentimiziò gawun baýramyny
bellemek hakynda Perman çykaryp, ºol baýramyò döwlet derejesinde bellenip geçilmegi
türkmen gawunlaryny döreden ata-baba daýhanlarymyza uly hormatymyz bolup, beýleki bir
tarapdan bolsa bu datly bakja önümiò ýurdumyzda ösdürilip ýetiºdirilýändigine
buýsanjymyzdyr.
|