Pidalarymyzyò yzasy
1948-nji ýylyò oktýabr aýynyò 5-den
6-syna geçilýän gije 1 sagat 12 minut 5 sekuntda Aºgabatda hem-de onuò golaýyndaky
etraplarda ägirt güýçli ýer titredi. Bary-ýogy 10 sekunt dowam eden, ýöne güýji
10 baldan hem geçen elhenç sarsgyn göz açyp-ýumasy salymda ýaòy uka giden ºäheri
ýer bilen ýegsan etdi.
Bu maglumaty Türkmenistanda
ýaºaýanlaryò bilmeýäni ýok bolsa gerek. Ol okuw kitaplaryna çenli girizilen. Bu
tebigy betbagtçylyk ýüz müòden hem köp janlaryò pida bolmagyna getirdi. Ýüz
müòdenem köp ykbal… Olaryò arasynda atalaram, enelerem, gerçek ýigitlerem, gyzyl
çog gelinlerem, oýnap ýörenje çagalar, heniz dünýä inip ýetiºmedik nesillerem
bar… Bu bela uruº belasyndanam aýylganç görünýär. Duºman ýok, howp ýok, hatar
ýok…
ªol ykbalaryò arasynda iline Serdar ogul
goýup giden ene Gurbansoltan eje-de bar. Ýogsa ol heý kesege dözüljek enemidi?
Uruºda galan ýan ýoldaºynyò ojagyny saklap oturan wepaly ene! Üç oglunyò daºyny
dolap, ilden kem geýdirmän, ilden kem iýdirmän, hiç kimden pes terbiýelemän, hem
ata terbiýesini, hem ene terbiýesini berip, naýbaºy ogullary ýetiºdirip oturan ene!
Enelik mähri dogup gelýän türkmen Güneºi ýaly ýyly, göz ýaºlary türkmen
baharynyò ýagyºy ýaly dury, göwni türkmen ýaýlasy ýaly giò, buýsanjy,
merdemligi daglaryò gaýasy ýaly berk, paýhasy asuda asmanymyz ýaly parahat ENE!
TÜRKMEN ENESI!..
Bir enede ºeýle mertebe bar bolsa, ºol
betbagtçylygyò pidasy gör nähili agyr! Belki biz Magtymgulymyzy ýitirendiris, kim
bilýär, Röwºen Göroglymyz görde galandyr… Muòa çydaman jaýryldymy gara
baýyrlar? Garaòky asman göterip bilmedi Aºgabadyò depesinde çaýkanan ºol gijäniò
tozanyny. Ony ýellerem göterip bilmedi. Olar diri galanlaryò ýüzünde galdy,
ýürek-bagryna çökdi… Garaºsyzlygymyzy alýançak ºeýle gijäniò ýasynam ýas
ºekilli tutup, hatyrasyny beýige galdyryp bilmedik. Häzir bolsa paýtagtyò ýüreginde
Beýik Prezidentimiziò hut özüniò tagallasy bilen bina edilen türkmeniò Röwºen
balasynyò altyndan heýkeli lowurdap otyr. Beýik Türkmen enesiniò heýkeline ýaºlar
gül desselerini goýýarlar. Her kim ºehitlerini ýatlaýar. Olaryò ruhuna sadaka
berýär.
ªehitleriò ruhunyò ºeýle sylanmagy
ýurdumyzyò döwletliliginden nyºan.
|