Ýaºyl tugum
bolmasa,
Aýym-Günüm
dogmasyn!
Gyº ukusyndan soò pyntygy ýarylan agaçlar ýaºyl reòke bürelip
ýaºamaga baºlaýar. ªahalarda saýraýan guºlar bu reòkde ýaºaýºyò bardygyny
buºlaýan ýaly. Ýaºyllyk ýaºlyk, ýaºyllyk ösüº, ýaºyllyk dowamat. Menem
Baýdagymyò ýaºyl reòkinde ýaºaýºymy, geljegimi-dowamymy görýärin. Göwnüm
ýaºyl tugumyò deòinde guº bolup pelpelleýär.
Enemiò ýumºak elleri baºymy sypan bolsa,
ýüpek Baýdagym kalbymy sypaýar. Atam arkama kakyp ýola salan bolsa, Baýdagym elimden
çekip öòe alyp barýar. Onuò pasyrdysyndan yhlas aldym, nagyºlaryndan agzybirlik.
Ondaky Aý, ýyldyzlar meniò üçin älemiò aý-ýyldyzlary ýaly sowuk hem ºeýle
uzakda däl. Olar maòa hem ýakyn, hem mähriban, hem ägirt. Hem baºymyò täji. Onuò
ýyldyzlary süýnmez, Aýynyò öòi tutulmaz.
Ýaºyl tugum, haram el ýeterden,
haram dil ýeterden beýikde pasyrdaýan tugum! Bu dünýede nämäniò aladasyny
edip ýaºadyò diýseler, iman gazanyp, Seni has-da beýige götermegiò aladasyny edip
ýaºadym diýerin. Çünki sen garaºsyzlygyò, bitaraplygyò, parahat, asuda
döwletimiò baýdagysyò.
Seniò iò gowy görýän düºünjäò
näme diýseler "Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn" diýerin. Il-gün
nämede jemlenýär diýseler, ýaºyl tugunyò astynda diýip jogap bererin.
Esger bolup, öòünde dyz epip, ýaºyl
tugy öpýärkäm öz enemiò maòlaýyndan öpdüm. Onuò öòünde wepadar boljakdygyma
kasam edemde dünýeden öten ata-babalarymyò, Gökdepe galasynyò, Gazawat
gyrgynçylygynyò, Garrygala söweºleriniò, Sarahs merdanlarynyò... Watan diýip,
türkmenim diýip jan beren ähli ºehitleriò öòünde kasam etdim. Iliniò ildigini,
ýurdunyò ýurtdugyny, bilen halkym munuò ºaýady ºudur diýip ýaºyl tugy asmana
göterdi. Ýaºyl baýdaklar mertebesi has-da belende galyp, ruhy göge göterilen
halkymyò ganatlary ýaly pasyrdaýarlar. Onuò her sapagy bir türkmendir, onuò
her nokady bir türkmenistanlydyr. Baýdak ýöne bir taýaga dakylan mata däl, ol meniò
mertebämdir.
Ýaºyl tugum - ol meniò terbiýämdir. ªu
dünýede baýdagymdan beýikde pasyrdaýan hiç zady görmedim. Men onuò ýüzünden
ejemiò mährini, kakamyò paýhasyny, özümiò kim bolmalydygymy okadym. Diòe men däl,
Ony hemmeler baºlaryndanam belentde göterip gezýärdiler. Hatda Watanym hem ºonuò
bilen tanalýar. Men özümi baýdagyma mynasyp bolmalydyryn diýip terbiýeledim. Beýle
iº eder ýaly sen näme türkmen dälmi diýip özümi erbet endiklerden sakladym. ªony
baºarmaz ýaly sen näme türkmen dälmi diýip özümden arassa ahlagy, tutanýerliligi,
ýeòºe tarap erjel hereket etmegi... talap etdim. Ýaºyl tugum meniò
türkmenligimdir.
Ýaºyl tugum hakyndaky düºünjelerimiz,
oòa bolan hormatymyz, onuò öòündäki borjumyza garaýºymyz ýyl-ýyldan goýalyp
gidip otyr.
Ýaºyl tugum meniò bereketimdir. Her
öýüò bereketini saçagy goraýar. Saçagyò hatda çetjagazyna aýagyò degmesi hem
biziò ilde günädir. ªeýle mukaddes saçaklaryò jemlenmesi sensiò, mukaddes
tugum! Türkmen saçaklarynyò ählisiniò mukaddesligi sendedir, tugum! Sen Watan
saçagysyò! Sen pasyrdap durkaò hiç bir keseden gelen nebitime-de, gazyma-da,
halyma-da, bedewime-de, dänäme-de, pagtama-da... eýemsiräp bilmez.
Ýaºyl tugum - ol meniò ýüzümdir. Bir
kese ýurda barsam meni baýdagymdan tanarlar. Ol meniò ýüzümdir. Ähli abraýym,
çeken zähmetim, aºan menzillerim, ýeten derejäm.. . - hemmesi baýdagymyò
ýüzündedir. Hudaýa ºükür, ile çykmaga ýüzüm bar, ile görkezmäge ýaºyl
tugum! Ýaºyl tugum bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn!
|