Türkmenistanyò
Prezidenti
Saparmyrat Türkmenbaºy
Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow 1940-njy
ýylda Aºgabat etrabynyò Gypjak obasynda doguldy. Milleti türkmen. Bilimi ýokary,
hünäri - inžener-energetik. Zähmet ýoluna 1959-njy ýylda baºlady. 1967-nji ýylda
Leningradyò politehniki institutyny tamamlandan soò, Büzmeýin GRES-iniò ussasy, uly
ussasy bolup iºledi. 1970-nji ýyldan 1985-nji ýyla çenli partiýa we sowet
organlarynda jogapkärli wezipelerde iºledi. 1985-nji ýylda ol Türkmenistan Ministrler
Sowetiniò Baºlyklygyna bellendi, ºol ýylyò dekabrynda bolsa Türkmenistan Kommunistik
partiýasynyò Merkezi Komitetiniò plenumynda TKP MK-nyò birinji sekretarlygyna
saýlanyldy. 1990-njy ýylyò 27-nji oktýabrynda ählihalk saýlawlary netijesinde ol
respublikanyò prezidentligine saýlandy. 1991-nji ýylyò maýynda Dünýä
türkmenleriniò gumanitar birleºiginiò prezidentligine saýlanyldy. S.Nyýazow ykdysady
we syýasy ylymlaryò doktory, professor, Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyò
akademigidir. Halklaryò arasyndaky dostlugy we parahatçylygy pugtalandyrmakda bitiren
hyzmatlary göz öòünde tutulyp, S.A.Nyýazowa birnäçe abraýly halkara baýraklary
berildi.
Saparmyrat Nyýazow Magtymguly adyndaky
Halkara baýragynyò birinji laureatydyr. Ol Türkmenistanyò iò ýokary tapawutlandyryº
derejesi bolan Türkmenistanyò Gahrymany diýen hormatly adyò we “Altyn Aý”
medalynyò üç gezek eýesidir.
1995-nji ýylyò ýanwarynda geçirilen
ählihalk referendumynda türkmen halky nobatdaky saýlawlary geçirmezden Prezidentiò
ygtyýarlyklaryny ikinji möhlete uzaltdy. 1999-njy ýylyò dekabrynda bolan Halk
Maslahatynyò, Milli Galkynyº hereketiniò we Ýaºulular maslahatynyò bilelikdäki
Mejlisi Saparmyrat Türkmenbaºyny Türkmenistanyò ömürlik Prezidenti diýip yglan
etdi.
|