Bash sahypa git

Eýho! Indi Yahoo türkmen elipbiýinde gözleýär!


GÖRýäris we OKAýarys

BAR indekse
GEZ internetde
AL gerek zatlary
OKA gyzykly zatlary
BiL maglumatlary
GÜL gülkä
GÖR suratlary

s-bugday.jpg (14114 bytes)

Bugdaýly meýdan

 

Bugdaýly meýdany gowy görýän. Ony gowy görmeýän barmy? Ilki maýsa bolar, soò sümmül. Adam ogly bugdaýsyz oòup bilenok, biljegem däl. Ol ynsan ady dakylanyò ýüreginiò ýagy, gözüniò nury, ysgyn-deramaty, mejaly.

At göwsüne ýetýän bugdaýly meýdanlar söýeniºseò arkaò, direnseò maòlaýyò. Öòem ºeýle eken, häzirem ºeýle, ºeýleligine-de gider. Çünki bugdaý ar-namys, lebiz, ygrar, gaýrat, mertebe, ykrar edilme. Ol aò durulygy, üºük, paýhas. Bugdaý döwletliligiò binýady, birek-biregiò köòül saraýynyò açary, bir-birege iò beýik hormat duz bilen çörekde, sarpaò, ynanyºmagyò derwezesi bugdaý.

Altynsow öwüsýän gallaly meýdanlar heniz ýaºyl maýsakalar akar suwlara, lemmer-lemmer bulutlaryò bujagynyò ýazaryna, aýly gijelere, gündogardan ösen saba ºemalyna maýyldylar. Soò ynsanyò alyn deriniò damjalaryny görüp onuò baºlary aºak egildi. Tagzyma geldi, oruma geldi. Ynsan oglam oòa tagzym edip, ormaga geldi. Bu iki hormatdan, tagzymdan bakylyk sazyna meòzeº ajap sazlaºyk meýdana geldi. Harpyklar sowruldy, çäçler galdy, harmanlar atyldy, ähli argynlyklar ala daglara siòip gitdiler.

Daýhan deri… Ol ýöne bir ajy der däl. Ol bu günki Galla Garaºsyzlygyny kemala getiren der. Gara deriò saçmasaò ak bugdaýyò önmeýär. Gepiò-sözüò diòlenmeýär. Elewreýän aç gözleriò kiºi gapysyndan ýygnanmaýar. Adyò alga alynmaýar. Ajyò aòy ýok, ajyò haly ýok. Ine, ºonuò üçin döwletiò binýady bugdaý. Biz indi düºündik, Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaºynyò etrapma-etrap aýlanyp, dänäniò ekiºine ak pata bermeginiò manysyna. Biz indi düºündik onuò «Galla Garaºsyzlygyny gazanmagymyz gerek» diýip, janyny pidalap aýdýan sözleriniò manysyna. Türkmen dek düýnem öz gallasy bilen özüni doýrup bilmejek halk ýalydy. Nä onuò ýerine taòry gargapmy, ýa iliniò bili bükülip, öýi ýykylypmydy, dänesi bitmez ýaly?

Bu sowalyò teýenesi ilki bilen türkmeniò Beýik Namysy Saparmyrat Türkmenbaºynyò degnasyna degdi. Ol öz ýurdunyò taòry gargan däl-de Hak nazary düºen ýerdigini ilki öz iline subut edip berdi. Ol öz iliniò bili bükük öýi ýykylan däl-de, döº açyp gezmäge mynasyp ildigini ilki bilen öz türkmenine subut etdi. Ol ar-namys orta goýlanda, gara baºdan geçmäge taýýar halkyna baº bolup, sanlyja ýylyò içinde göripleriò gözüni, bahyllaryò garagyny gapan guº gursak dänäni özi öndürdi.

Men bugdaýly meýdany gowy görýärin. Oòa bakamda kalbym rahatlanýar. Oòa siòdirilen zähmet kärende haky bilen ölçärden gymmat durýar. Bu meýdanlaryò üstünden ösen ýeller BUÝSANJYÒ, BERKARARLYGYÒ, BÜTEWILIGIÒ, BEREKEDIÒ, BAGTYÝARLYGYÒ — BUGDAÝYÒ RUHUNY kalbyòa salýar. Onuò ruhuny özüne siòdiren kalplar ömri ötinçä bugdaýly meýdany gowy görüp geçerler. Tä ömürleri ötinçä…

G. Ýegenmyradow

 


habarlaºmak üçin tkm2000@aport.ru