Çaga zerur,
edebi ondanam zerur
Dünýede
her hili ynsan bar. Olaryò arasynda öz çagasyny söýmeýän doòýüreklerem bolsa
bardyr. Olar ýalylary ynsan hataryna salmagam kyn. Emma „Çagamy söýýärmikäm beri
ýa-da ony lälirgedip ýörmikäm?“ diýip, ünjüde ýaºaýanlar weli aramyzda örän
kän. Kimler bu ýagdaýy boýun alsalar, kimler „Hiç kimem menden artyk däldir“
diýip ýaºyryp gezýärler. Netije welin belli. Birimiziò çagamyz edepli-terbiýeli
bolup ýetiºýär, beýlekimiziòki ene-ata musallat bolýar. Ýogsa hiç kimem
çagasynyò öýüne, obasyna, iline azar bolup ýetiºmegini islänok.
Hemmelerem çagasyny söýýär, çagasy
üçin gerek bolsa janyny bermäge-de taýýar. Onda näme üçin netijeler dürlükä?
Ýaramaz gylyk-häsiýetleri öwrenip, edep-terbiýesiz ösen çagalaryò ene-atasy „Men
çagama edep bermegi oòarman ekenim“ diýip boýun almajak bolup goòºularynyò
çagalaryny, obasyny, mekdebi, tutuº jemgyýeti, hatda öz nesil daragytyny
günäkärlemäge çenli baryp ýetýär. Günäkärlemekden ne peýda? Maºgalada ene-ata
terbiýeçilik borjuny berjaý eden mahaly çagany iò bolmanda adyna ysnat getirmez ýaly
terbiýelemek mümkin.
Çaga körzehin, zehini açylmadyk,
döredijilik ukyby ösmedik, häsiýetinde duýgurlygy bärden gaýdýan, utanjaò, tutuk
bolup biler. Emma çaga päli bozuk, niýeti erbet bolup kemala gelse oòa terbiýesiz,
biedep ösdürilendigi günäkärdir. Birnäçe ýyl kesilmedik üzüm soò miwe
bermeýär, beräýse-de miwesi ownuk bolýar. Ynsan çagasy birnäçe ýyllap
edep-terbiýe görmese, ýa-da ters terbiýäni alsa töweregi üçin zyýanlykly adama
öwrülýär. Kesilmedik üzümi kesip, timarlap hasyl berýän peýdaly agaja öwürse
bolar, ýöne ynsan ogluna gezek gelende „Küýkini gabyr düzeder“ diýip boýun
almaly bolýar. Ine, ºonuò üçin „Çaga eziz, edebi ondanam eziz“ diýilýär.
Häzirki döwürde edebe „eziz“ diýmegem bärden gaýdýar. Mümkin „Çaga zerur,
ýöne edebi ondanam zerur“ diýmelidir. ªu zerurlyga göz ýetirilen ýerde, mysal
üçin, dünýäniò öºen ýurtlarynda çaga bilim bermegi onuò ene-atasyna bilim
bermekden baºlaýarlar.
Bir gezek toýda bir ýaòy dil çykaran
çaganyò hapa-hapa sögüniºine haýran galdym. Ol çaganyò ene-atasyny gowy tanamsoò,
olaryò çagalaryny ºeýle söýgi bilen saklap, çagalaryny aýakýalaòaç ýere
basdyrman ulaltmaga çalyºýandyklaryny bilemsoò, bu biedeplik meni hasam haýran etdi.
Çaganyò kakasy oguljygynyò ýaramaz endigi barada: “Bir ýerden-ä öwrenipdir.
Käýýesemem bolanok. Ulalansoò taºlar-da” diýdi. Belki taºlar. Çünki onuò
önüp-ösýän öýi tertipli öý. Çaganyò özünden uly doganlarynda beýle erbet
endik ýok. ªonda-da çagany ýaramaz endiklerden daºlaºdyrmagyò ýollaryny ºol
ene-ata bilýän bolanda, çagany ýaramaz endikden el çekdirmek üçin diòe käýýäp
oòmagyò ýeterlik däldigi ºol ene-ata wagtynda öwredilen bolsa, ýa-da häzir
öwredilse has gowusy bolmajakmy näme? Üýºmeleòlerde, toýlarda-sadakalarda atalar,
eneler özleri üçin zerur bolan edep bermegiò ýollary hakynda biri-birine bilýänini
gürrüò berip otursalar nähili gowy bolardy. Atºynaslar atyò gürrüòini edýär,
çünki olara atynyò ozmagy zerur, it uruºdyrýanlar itiò gürrüòini edýär, çünki
olaraa itiniò ýeòmegi zerur. Durmuºda ºeýle zerurlyklar näçe diýseò bar. Çaga
terbiýesem ºeýle zerurlyklaryò birimikä? Elbetde beýle däl. Çünki çaga at ýa-da
it däl. Çaganyò terbiýesi bize onuò özündenem zerur. |