Türkmen halysynyò täsinligi
Teke-türkmen halysynyò aklyòy
haýran edýän sungat eserdigi hakynda dünýä taryhynda belli syýahatçylaryò,
sungatöwrenijileriò, taryhçylaryò aýdanlaryny gaty köp ýerde tutaryk edinýärler.
Hakykatdanam „zeri zergär tanaýar“. Mysal üçin, futbol hakynda braziliýaly
meºhur Peläniò, argentinaly Maradonanyò, germaniýaly Bekenbaueriò, fransiýaly
Platiniò… aýdanlaryny ýönekeý janköýeriò aýdanlary bilen deòäp bolmaz.
Ussatlaryò beren bahasy jedelsizdir.
ªu ýerde meºhur wenger syýahatçysy
Arminiý Wamberiniò halylarymyz hakynda aýdan sözüne ünsi çekmekçi bolýarys.
„…Reòkleriò
haýran galaýmaly arassalygyndan, matasynyò berkliginden baºga-da, bu göçüp-gonup
ýören ýarym wagºy zenanlaryò ºekilleriò simmetriýasyny saklamak baºarnyklary hem
inçeden duýuºlary ýewropalylaryò gaty köpüsine „Aòry otur“ diýdirip
biljek…“
Geliò, meºhur alymyò zenanlarymyzy
“göçüp-gonup ýören ýarym wagºy” diýip atlandyrmasyny „Aòry otur“
diýiljek ýewropala düºnükli bolsun diýlip aýdylan hasap edeliò. Çünki
simmetriýany inçeden duýmak we ony saklamak baºarnygy göçüp-gonup ýören ýarym
wagºynyò edip biljek zady däl. Muny taryh subut etdi. ªol döwürlerde ýarym wagºy
diýlip göz öòüne getirilen halkyò örän çuòdan gaýdýan medeniýetiniò,
edebiýatynyò, sungatynyò, taryhynyò bardygyna hut Wamberiniò özi hem göz ýetiren
alym. Biz onuò uly zähmet siòdirip, baºardygyça terjime edip Magtymguly Pyragynyò
ºygyrlaryny ýewropalylara tanadan alymdygyny bilýäris. Hakykatdanam, simmetriýany
inçeden duýup we saklamagy baºaryp, hala girizen zenanlar bilen däl, ºol zenanlaryò
ýörelgesini ýitirmän, arkama-arka öwrenip, olary biziò günlerimizde gaýtalap
bilýän halyçylaram ýewropalylary haýrana goýýar. 1996-njy ýylda Ganowerde
geçirilen Bütindünýä sergisinde belli halyçymyz Ogulnabat Meredowanyò haly
dokaýºyny gören daºary ýurtly synçylar: „Siz barmaklaryòyz bilen eriºleri-de
sanap alaòyzok. Türkmenler ir wagtlar kompýuter ulgamyna geçipdirler“ diýip baha
beripdirler.
Halyçylyk sungatymyzy daºary ýurtlular
ýöne ýere kompýuter ulgamyna deòemeýärler. Muòa has gowy göz ýetirmek üçin
Wamberiniò „simmetriýany inçeden duýmak we ony saklamak“ diýýänine düºünjek
bolalyò.
Assimmetrik bir ºekiliò birnäçe
görnüºlerde yzly-yzyna gaýtalanyp gelmegi bilen simmetriýa emele gelýär. Mysal
üçin „F“ harpynyò ºekili. Ondaky çyzyklaryò üçüsem biri-birinden tapawutly.
Iki sany „F“ harpyny yzygider goýsak, simmetrik ºekil emele gelýär.
…. Üç sany dürli çyzykdan emele gelen
„F“ harpynyò simmetriýanyò kanunlaryna laýyklykda ýerleºdirilmegi bilen dörän
ºekiller haýran galdyrýar. Türkmen halysynda bolsa simmetriýanyò has kämil, manyly
görnüºlerini tapsa bolýar. Zenanlarymyzyò ºol täsin nagyºlaryò, gölleriò
simmetriýasyny inçeden duýup saklap bilmek baºarnyklaryna Wamberiniò näme üçin
ýewropalylara „Aòry otur“ diýip biljek derejede baha berendigine indi düºünen
bolsak gerek.
|