Bash sahypa git

Eıho! Indi Yahoo türkmen elipbiıinde gözleıär!


GÖRıäris we OKAıarys

BAR indekse
GEZ internetde
AL gerek zatlary
OKA gyzykly zatlary
BiL maglumatlary
GÜL gülkä
GÖR suratlary

Hyjuwdan doly
NOWRUZ

Gündogaryò iò gadymdan gelıän toı-baıramyndan biri Nowruzdyr. Bu baıram diniò, haısydyr bir zamananyò, ºanly ıeòºiò, syıasy düºünjäniò baıramy däl. Ol gyºyò sowlup töwerege jan girmegi bilen ıüreklerde dörän heıjanyò baıramy. Çyga garalan toprakdan ıaºyl otlaryò dümterip ösüºini, jadyly düwünçek çözülen ıaly pyntyklar ıarylyp ıaºyl ıapraklaryò çykyºyny, gunçalaryò güle öwrülip, çar-ıanyò dürli owazdan doluºyny gören ıürek neneò heıjana gelmesin?!

„Gelse Nowruz äleme, reò kylar jahan peıda“ diıip ıazan, her görnüºden asyl manyny çykaran beıik ºahyr Magtymguly Pyragynyò nowruzy wasp edıän täsin ºygry bar. ªygyrıet sungatynyò bu öçmejek ıadygärligi örän çeper ıazylanlygy bilen haıran galdyrıar hem-de dünıä düºünmäge kömek edıär. Goºgudaky häzirki günlerimizde ulanyºdan galan, düºnmesi kyn türkmen we arap-pars sözlerini klassyk edebiıatyò sözlüginden peıdalanyp has sadalaºdyralyò. Beıtmek goºgynyò ähli ºiresini dökıänem bolsa, ºahyryò ussatlygyna, Nowruza düºünmegiò hatyrasyna ony baºardygymyzça ıönekeıleºdirip okap göreliò.

„Gelse nowruz äleme, reò kylar jahan peıda“, ıagny nowruz gelse jahanda dürli reòkler peıda bolar. „Ebrler owaz urup, dag kylar duman peıda“, ıagny bulutlar owaz edip daglarda duman peıda bolar. „Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peıda“, ıagny jansyz ıatan zatlara jan girip, dil açarlar. „Gögermedik giıalar, gögerip rowan peıda“, ıagny gögermän ıatan otlar gögerip jana girerler. „Ederler haıwanatga hem sud-u zyıan peıda“, ıagny haıwanlara hem peıda, hem zyıan ederler. „İer ıüzüne ıaıylyp, ıörirler nahan peıda“, ıagny ıer ıüzünde aç-açan hem gizlin ıaıraıyº peıda bolar. „Wabeste dahan guºlar kylarlar zyban peıda“, ıagny guºlar saırap dil açarlar.

ªahyr nowruz gelse „her äºıanyò özüne öz owazy bolar geò“ diıip ıazıar. Hakykatdanam baharda-ıazda owazlar täsin eºidilıär. Çünki, „Zemin sebzezar olup, teninden aırylar zeò“, ıagny nowruz gelende zemin ıaºyl geınip, ıüzünden posy dökülen ıaly bolıar. „Sebze içre sandywaç ıüz tilde kylar äheò“, ıagny al-ıaºyl meıdanda bilbiller ıüz dürli owaz bilen saıramaga baºlar. „Zemin hyzyrpuº olup, gül bitirmiº reòbe-reò, Hyruja gelip älem kylarlar pygan peıda“, ıagny ıer ıüzi lälezarlyk bolup, reòbe-reò güller açylypdyr, üıtgeºiklik diòe ıerde bolup geçmän, Asman hyruja gelip, pygan çekıän bulutlardan gözıaºlar ıaly damjalar dökülıär.

„Surud-y seda birle jahan ıüzi abatdyr“, ıagny aıdymdyr-owaz bilen jahan ıüzi abatdyr. „Olma suruda magrur, paıanasy bibatdyr“, ıagny dünıä diòe aıdym-sazdyr öıdüp maksatsyz entäp ıörme, soòy erbet bolar. „Hak yºkynda zinde jan, biliò, baky-haııatdyr“, ıagny Allahyò yºky bilen ynsana ömür baky berlendir. „Her tende ki yºk olmaz, ruzy-ezel mematdyr“, ıagny Allahyò yºky bolmasa adam direlmez. „İaz ötünçä ıer-u gök günden-güne zyıatdyr, Bir haºry-kyıamatdyr, bir ıowmy-arasatdyr, Dähr içre bolar her dem, jahan içre jan peıda“, ıagny ıaz geçinçä ıer-gök gün-günden has owadandyr, emma jahanda peıda bolan, dünıä inen zatlaryò hemmesi kyıamat güni bir ıere jemlenmelidir, ahyrynda kyıamat geler. „Zerbaba zowkun olma, baka ıokdur döwletde“, ıagny zerden tikilen dona höwes etme, baılyk baky däldir. „Ömrüòi bada berme, sen bu darel mähnetde“, ıagny ömrüòi boº geçirme. „İeter saòa iru-giç ne ıazylsa kysmatda, Janyòa jepa eıläp munça gezme hasretde, Sowap ıagºy amalda, ıa jud ıagºy niıetde “, ıagny gara nebse buırup bilmän jepa çekip, hasratly ıaºama-da sogap iºleri et, niıetiò ıagºylyk etmekde bolsun. „Älem barça hyzmatda, adam ıatyp gaflatda, Hasylyò ataº bolgaı, eıleseò ıaman peıda“, asmandan ıagan ıagyº ıagyp ıerde gök otlar gögerdi, adam bu zatlaryò öz-özünden bolmaıandygy hakynda pikir etmelidir, ukuda ıaly pikirlenmän, ıaman iºler edip ıaºasaò hasylyò ot bolar, netijede oda ıanarsyò.

Goºgy ºeıle setirler bilen jemlenıär.

Magtymguly, ıyglar men bu bagty-syıahymdan,
Gorkaram jan apaty, el-aıak güwähimden,
Umydym hasyl olmaz, bu ömri-tebahymdan,
Jan köıdi jeset içre bu ataºy-ahymdan,
Golum sunup dilär men hajatym allahymdan,
Bende men, umydym köp ol keremli ºahymdan,
Eılegeı arasatda gül kibi iman peıda.

Gülleriò açylıan döwri Magtymguly Pyragy Allahdan gül ıaly iman dileıär. Ynsanlara ıamanlyk etmekden saklanyp sogap iºleri, ıagºy niıetde ıaºamagy ündeıär. On ıedinji asyrda ıaºap geçen bir türkmen ºahyrynyò Nowruz bilen baglanyºykly ºygyr ıazyp, bu edilen dilegi ähli asyrlara we milletlere degiºli ıaly bolup eºidilıär.


habarlaºmak üçin tkm2000@aport.ru