Bash sahypa git

Eýho! Indi Yahoo türkmen elipbiýinde gözleýär!


GÖRýäris we OKAýarys

BAR indekse
GEZ internetde
AL gerek zatlary
OKA gyzykly zatlary
BiL maglumatlary
GÜL gülkä
GÖR suratlary



Pyragynyò we
Azadynyò
Türkmensähradaky mawzoleýi

Magtymguly we onuò atasy Azada mawzoleý dikmek ideýasy Eýranly Myratdurdy Gaza degiºlidir. Umumy keºbi Zeminiò gursagyny ýaryp çykan gyrmyzy güli, goºa mazar bolsa ºol gülüò gunçasyny ýatladýan gümmeziò taslamasyny arhitektor, eýranly türkmen Annamuhammet Nyýazy taýýarlapdyr. 1999-njy ýylyò 17-nji maýynda Türkmenistanyò Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaºynyò gatnasmagynda bu mawzoleý dabaraly açyldy.

BEÝIK PYRAGY

 

Magtymgulynyò öòe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýörelgeleri türkmen halky üçin ºu günem juda-juda gymmatly bolmagynda galýar. Ol biziò gurjak bagtly ertirimizde-de ºeýle bolar.

Saparmyrat Türkmenbaºy

Magtymguly türkmeniò poeziýasynda gymmat
baha daºlaryò biri bolup, ol biziò zamanamyzda täze ýüzügiò gaºynda gözüòi gamaºdyryjy ºöhlesi bilen lowurdaýar.

Professor E.E. Bertels. 

Iòlisde meºhur Wilýam ªekspire deòelen ýekeje
ºahyr bar.
Ol - Magtymgyly.

Braýan Oldis

Onuò (Magtymgulynyò) kitaby, Kurandan soò
türkmenleriò arasynda uzak wagtlap ikinji orny eýelejekdir.. Magtymgulynyò eserleriniò biziò üçin g
ymmatlygy onda türkmen diliniò örän sap nusgalarynyò barlygyndadyr. Bu hili nusgalary onuò at, ýarag hakynda we º.m. temalara bagyºlap ýazan ºygyrlarynda görmek bolýar. Munuò ýaly ýagdaý gündogar halklarynyò edebiýatynda juda seýrek duº gelýär.

Toý-tomguda ýa-da ýönekeý bir üýºmeleòde Magtymgulynyò aýdymlaryndan aýdýan bagºyny diòlemek miýesser gelen pursatlary meniò aòymda asla ýitmejek täsir galdyrdy. Biz Etrekdekäk ºonuò ýaly bagºylaryò biri biziò öz çadyryny gurdy. Günlerde bir gün ol özüniò dutary bilen agºamara biziòkä geldi. Az wagtyò içinde ýaº ýetginjekleriò bir topary onuò daºyny gurºap alany üçin haýsy-da bolsa gahrymançylyk hakyndaky aýdymlaryò birini aýtmaly boldy. Ol ilki bada dutaryò taryna ýuwaº we sallamly kakyp, bogazyna salyp hiòlenmäge baºlady, bu aýdym däl-de hor çekmäge meòzeýärdi. Emma gyzyºandan soòra, dutaryna örän batly kakyp, sesi örän çasly çykmaga baºlady. Tarypy edilýän söweº gazaplaºdygy saýyn, bagºynyò we töweregindäki diòleýjileriò gitdigiçe ruhlary barha göterilip baºlady. Soòra ýaº çarwalar agraslyk bilen dem alyp, telpeklerini ýere urup, guduz açan ýaly saçlaryny penjeläp, öz-özleri bilen söweºe giren ýaly boldular.

Professor A. Wamberi.

Magtymguly irmän-arman iºläpdir, halkyna
hyzmat edip, ölmez-ýitmez eserler döredipdir, dünýä edebiýatynyò egsilmez hazynasyna öz g
oºandyny goºupdyr. Halk öz ºahyryny söýüpdir, onuò düzen her bir setirini gyzyla gaplan ýaly edip nesilden-nesle geçiripdir. Sebäbi ol il-gün üçin, ýurt üçin hyzmat edipdir, halkyò duºmanlaryny ýakyp-ýandyryjy ýiti setirleri bilen paº edipdir. ªonuò üçinde ºahyryò iºleýän ussahanasy, ýaºan hüjresi döredijilik öýüne öwrülipdir, kim muºagra aýdyºypdyr, kim muamma düzüºipdir.

Türkmen topragynyò dürli künçlerinden kim atly, kim düýeli, kim eºekli ºahyryò täze-täze eserlerini diòlemek üçin, göçürip almak üçin, ýat tutmakdan ötri gelýänleriò yzy üzülmändir. Çünki halk ony özüniò söýgüli ºahyry, pähimli maslahatçysy, sarsmaz hemaýatçysy diýip tanaýar.Onuò eserleri bagºylaryò dilinde, ºahyrlaryò setirlerinde, jemagatyò aòynda ýurduò ähli künçlerinde belent owaz bilen ýaòlanýar. ªeýlelikde, beýik pähimdaryò özünden soòkulara “ýadygär galdyran” altyn fondy onuò hakyky eýelerine, türkmen halkyna gelip ýetdi.

Professor Mäti Kösäýew.

Magtymguly bütindünýä poeziýasynyò genji-
hazynasyna giren ºahsyýet, goºgy bilen gürlän akyldardyr.

Resul Gamzatow

Onuò ºöhraty indi bütin dünýä ýüzüne doldy.

Nikolaý Tihonow

 

Magtymgulydan dürdäne setirler

Eger sen hem bolsaò nermu-mylaýym,
Mylaýym sen bolsaò guluò bolaýym,
Gulagyma beren pendiò alaýym,
Kiºige gaty söz aýdyjy bolma.

Deòsiz bilen deò eýleseò özüòni,
Dert oluban geçer sözi janyòdan.
Yrak bolma gadryò bilen gardaºdan,
Her iº tutsaò ol guwanar ýanyòdan.

Eý, ýaranlar, haram iºe ulaºmaz,
Eger dürs bolsa saly bendäniò.
Harama ulaºmaz — laýa bulaºmaz,
Haka dogry bolsa ýoly bendäniò.

Magtymguly öwüt bergil söz bile,
Eºiden deò bolmaz, gören göz bile,
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.

Ýagºylykda özün ile tanadan -
Alkyº alyp, derejesi zor bolar,
Ýaman bolup, ýagºylygy unudan -
Öz yzzatyn gidir, itden har bolar


habarlaºmak üçin tkm2000@aport.ru