Serdar ýoly
Beýik gara daglara ak keºde bolan ak ýola çykan türkmeniò
baºy gök direýär. Basgançak-basgançak ýollar diòe bir bedeniòi däl, ruhuòy
ýokarlygyna garºy göterip ugraýar. Ýoluò iò belent ýerine ýeteòde bir uly
eseriò iò manyly ýerine, maòzyna, manysyna ýeten ýaly bolup gidýärsiò. Çünki ol
ýerde ýaºyl tug, her bir türkmenistanlyny dünýä tanadýan Garaºsyz, Bitarap
Watanynyò baýdagy pasyrdap dur. Onuò pasyrdysy Watan ýüreginiò gürsüldisi mysaly.
Ýaºyl tuguò ýürek urgusy Beýik Türkmenbaºynyò, Beýik türkmen Serdarynyò her
bir ýol-ýörelgesiniò Watanyò ºan-ºöhratyny has-da belende götermekde,
il-halkynyò parahat, asuda, eºretli durmuºyny gazanmakda, dostlara wepaly gol uzadyp,
hiç kimi kemsitmän, hiç kimden kemsinmän ýaºamakda jemlenýändigini jar edip durana
meòzeýär.
Bu ýaºyl tuguò öòünde tagzym edip
geçýän halk on ýyl mundan öò Garaºsyzlygyny alyp beren Serdarynyò edil ºu ak ýol
ýaly pikir-paýhasyny aºakdaky ýol-ýodajyklardan ýokarda goýup bilendigine indi
buýsanýar. Geçen on ýyl türkmeniò baºyna gar ýagdyrmady, ojagyny öçürmedi. Gül
ýüzli ýigitlerini demir tabyda saldyrmady. Saçagyny boº etmedi. Gaýta, tersine, ony
elgaramalykdanam halas edip, saçagyny öz ýetiºdiren ak bugdaýynyò mele nanyndan
doldurdy. On ýylyò içinde Türkmenistan döwletiniò yrsgy kemelmän, berekedi artdy.
ªeýle güne ýetenine ºükür edýän halk neneò Serdaryny baºyna täç etmesin?!
ªu ak basgançaklar ýaly barha ýokary
galan ýyllar Türkmenbaºy zamanasynyò baºlangyjyna öwrüldiler. Serdaryna ynanan,
onuò daºyna ýyl-ýyldan berk jebisleºip, ony ömürlik Prezidenti edinen türkmen
halky bu gün altyn asyryna gadam urdy. On ýyl mundan öò ºeýle agzybirligiò, ºeýle
jebisligiò, ºeýle adyl ºaly bolmagyò türkmene garaºýandygyny öòünden aýtsalar
ynyanylmajak zatdy. Taryhda ganygyzgyn, tireparaz, garasöýmez, alamançy-galtaman edilip
görkezilip gelnen türkmenler Serdar oglunyò baºtutanlygynda bary-ýogy on ýylyò
içinde pikirini-güýjüni bir ýere jemläp bilýän, uruº-jenjelden daºda durup,
dünýä ýüzünde bitaraplygyny ykrar etdiren Garaºsyz döwletli millet boldy. Diòe
ºu ýeòºi üçinem baºtutanlyk edýän döwletini on ýylda ºeýle garaºylmadyk
derejä ýetiren Saparmyrat Türkmenbaºy Beýik Serdar diýlip atlandyrylmaga mynasypdyr.
Beýik Serdarynyò ak ýoly töweregindäkiler entek aljyraòòylykdan çykyp
ýetiºmänkäler, sähel ýylyò içinde türkmeni edil eliò aýasynda ýaly äºgär,
gör, nähili belende göterdi!
Bu ösüºi gözüò görüp durka geljek on
ýylda-da Beýik Türkmenbaºynyò ýurdunda mundanam uly ösüºleriò bolup
geçjekdigine ºübhelenmek telek bolar. Aslyýetinde Serdar ýolunda barýarkaò, kalbyò
ºübhelerden saplanýar. Daglardan gaýdan sergin ºemalyò seriòi durlaýºy ýaly
gözýetimiòe ýerleºen Watanyò bir böleginde görýän zatlaryò ruhyòy
tämizleýär. Iò bärkisi “Ýetimler köºgüne” gözüò düºende paýhasyòa
durulyk gelýär. Ýetim çagalar üçin ºeýle köºgi saldyran Serdaryò parahat
pikirlenip bilýän, mährem ýürekli döwlet ýolbaºçysydygyny dag geriºlerini
görºüò ýaly aýdyò görýärsiò. Adamkärçiligi ºeýle belent ýolbaºçysy bolan
ýurtda ýaºaýandygyòa buýsanýarsyò. Hakykatdanam depäò gök direýär. Serdaryò
ak ýollaryndan gyºarman ýöräp, bedeniòi berkidip, ruhuòy tämizläp, hakyky
watansöýüji bolup ýaºamalydygyòa düºünýärsiò.
|