Suw mukaddesdir
Asmanyò ýüzleri münewwer
bolsa,
Zemin ýaºyl geýnip läle getirmiº.“
Magtymguly Pyragy.
Asmandan daman damjalar, zemini lälezar
edýär.
Her damja — bir jan. Topraga seçilen damjalaryò hersi soò bir ülüº bolup ýerden
çykýan ýaly. ªol damjalar dammasa aòòyt-aòòyt gum depelerine, bagyr ýaly garalyp
ýatan baýyrlara jan girip, ýaºyl öwüsmek gümana. Agzyna suw damdyrylan teºnäniò
dura-bara ýüzüniò reòki üýtgäp, jana gelºi mysaly, dünýe suw bilen jana
gelýär. Bäbege suw ýaly çaga diýen türkmen gaty jaýdar aýdypdyr. Çünki çaga
bedeniniò esasy bölegi suwdan durýar. Çaganyò suwsuzlyga durumsyzlygy göz öòünde
tutulyp, megerem bizde „Suw kiçiòki“ diýlip, suwdan ganmak nobaty ilki çaga
berilýär. Bu däp türkmenlere aýratyn mahsus bolup, ol gyºarnyksyz berjaý edilýär.
Türkmenlerde „Suw içene ýylanam
degmändir“ diýen sözem bar. Bu söze gönümel düºünmän, suw içip duran adamy
biynjalyk etmek bolmaýandygy aòladylýar. Aýratynam çagalar öz aralarynda bu sözi
gaýtalamagy gowy görýärler hem-de suwy ýaº aýratynlygyna görä nobatma-nobat
içýärler. Bu olarda kanagatlylygy, gerek ýerinde öz islegiòe buýrup bilmegi
terbiýeleýär.
Suwy ýeterlik bolmasa ekinem toprakdaky bar
bolan iýmiti alyp bilmeýär. Ekinleriò miwesinde, esasan, suw agdyklyk edýär. Mysal
üçin, gök hyýaryò düzüminiò 80%-i suwdur. Düzüminde suw iò az bolan galla
ekinleri hem tümmül wagty, ýagny gülden çykyp dänä öwrülip baºlanda içi suwly
gabyk ýalydyr, gysyp görseò, suwy myžylap çykar.
Suw adamzada howa ýaly gerek diýýäris.
Aslynda howa, ýagny kislorod suwuò bir molekulasydyr. Suw islendik gaba guýsaò onuò
ºekilini alýar. Suwuò kömegi bilen islendik gabyò tutýan göwrümini ölçemek
mümkin. Suw sygmajak gabyna güýçli basyº bilen akdyrylsa, ony ýaryp çykýar. Mydama
belentden pese akýandygy üçin ata-babalarymyz „Suw pesi tapar, pis-pisi“ diýip
aýdypdyrlar. ªonuò üçin ýeriò düzlügini kesgitlemekde-de suw uly kömekçidir.
Suw duruka owadan bolýar. Bulanyk suwa
seredesiòem gelmeýär. Onuò näme üçin ºeýledigi barada bir rowaýat hem bar. ªol
rowaýata görä, keremli Allah dür dänesinden Umman derýasyny döredipdir. ªol
mahalam suw Allahyò didaryny görüp, oòa aºyk bolanmyº. ªondan bärem ol mydama
asmana garap akarmyº. Biri bulandyraýsa-da, Allahy ýene-de bir görmekden galaryn
öýdüp gorkusyna çalt durlanma bilen bolýarmyº. Durlanan mahalam asmanyò suratyny
özünde janlandyryp, ony yhlas bilen bagryna basarmyº.
Suwuò Allahyò didaryny görendigi
„Gorkut ata“ dessanynda-da aýdylyp geçilýär.
„Gazanyò öòünden bir suw çykdy:
„Suw Hakyò didaryny görendir, men suw bilen habarlaºaýyn“ diýip oòa
ýüzlenýär. Göreli, hanym, neneò habarlaºdy. Gazan aýdar:
Çagnam-çagnam gaýalardan çykan suw,
Agaç gämileri oýnadan suw,
Hasan bilen Hüseýiniò hesreti suw,
Bag we bostanly zynaty suw,
ĺe bilen Patmanyò zynaty suw,
ªabaz atlar içdigi suw,
Gyzyl düýeler gelip-geçdigi suw,
Ak goýunlar gelip çöwresinde ýatdygy suw,
Adamyò habaryn bilermiò sen, diýgil maòa,
Gara baºym gurban bolsun suw saòa!“
Rowaýat rowaýat bolýar. ªonda-da
kirlerimizi ýuwýan suwuò arassalygy, belentden pese akýan pespälligi, guýan gabyò
görnüºini alýan hoºgylawlylygy, bir daman ýerine uzak wagtlap damyp dursa daºy iki
ýarýan berkligi, içne oklanan zat çümüp gidýän ýumºaklygy, sil bolup akanda
gaýalardan daºlary goparýan güýçlüligi, ºildiräp akanda mährem sözleºýän
ýaly dynjyòy berºi, tolkunlaryndan göterilýän çygyò dertli jana ºypa berºi, hapa
yslary özüne sorup, howany arassalaýºy, içinde birgiden janly-jandarlaryò ýaºamagy
üçin ºert bolmagy, ýer ýüzünde adamzady, haýwanaty, ösümlikler dünýäsini
gandyryp bilºi… ýaly baºarnyk, gymmatlylyk baºga nämede bar?
„Suw damjasy — altyn dänesi“ diýip
aýdan halkynyò göwün islegini duýup, Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaºy her
ýyl aprel aýynyò birinji ýekºenbesinde suw mynasybetli baýramçylyk geçirmek barada
Perman çykardy. Bu baýram diòe bir miraplaryò ýa kärendeçileriò baýramy bolman,
mukaddeslikleriò manysyna düºünýän her bir adamyò baýramydyr. Çünki suw hem bir
mukaddeslik.
|