Bash sahypa git

Eıho! Indi Yahoo türkmen elipbiıinde gözleıär!


OKA gyzykly zatlary

BAR indekse
GEZ internetde
AL gerek zatlary
OKA gyzykly zatlary
BiL maglumatlary
GÜL gülkä
GÖR suratlary
Türkmen-türk mekdebiniò ıokary klas okuwçylarynyò ıazan düzmelerinden käbirini dykgatyòyza hödürleıäris.

Men edil ºol
pyºdyl çagasy ıaly özüm üçin taıynlanan ykbala tarap ylgap barºyma...
(dowamy)

Biz ene garnynda üç aılykkak ömrümiz baºlanıar...
(dowamy)
Belki her ynsanyò
öz ıyldyzy
bardyr? Belki olaryò hersi ...
(dowamy)
Ol soltanlaryò, gullaryò we ähli wezipedäkileriò dostudyr...
(dowamy)



Täsin mekdepler

Türkmen-türk mekdeplerine „täsin mekdepler“ diııänem bar. Bu mekdeplerde keseden barany haıran edıän zat döwlet mekdeplerinide ene dillerinde düºünmesi kyn bolan sapaklara çagalar iòlisçe, türkçe düºündirilenlerinde-de oòat düºünip durlar. Diòe bir düºünmegem däl, ºol sapaklardan Halkara olimpiadalarda ıeòiºem gazanıarlar. Munuò nähili ıol bilen gazanylıandygyny düºündirmegini haıyº edemizde, wagtyò hakyky gymmatyna düºünıän, türkmen-türk mekdepleriniò Baº müdiri Ismail Kamit gysgaça ºeıle jogap berdi:

— Çaga dil öwretmek onçakly kyn mesele-de däl. Meseläniò kyn tarapy çaga düºünmeıän zadynyò ene dilinde aıdylanyny özi bilmezden isläp durıar. Mysal üçin, adam gyssansa ene dilinde gürlejek bolıar. Edil ºonuò ıaly çaga beınisi hem düºünmesi kyn bolan zady ene dilinde özleºdirjek bolıar. ªu ıerde-de mugallymyò ussatlygy gerek. Ol çagany gyssamazdan, hem mümkin boldugyça sada düºündirse okuwçy ıuwaº-ıuwaºdan sapaklaryny çet ıurt dilinde özleºdirmäge ökdeleıär.

— Türkmen çagasyna mysal üçin, fizikanyò iòlisçe okadylmagynda näme bähbit bar?

— Bu okuwçynyò geljegi üçin gerek. Biziò mekdeplerimizi tamamlan okuwçylar dünıäniò örän abraıly ıokary okuw jaılarynda okuwlaryny dowam etdirip bilıärler. Ine, ºunda-da olara fizikany iòlisçe bilmekleri gerek. ªonuò ıaly-da biziò okuwçylarymyz halkara ıaryºlaryna gatnaºanlarynda isleseler-islemeseler iòlisçe çykyº etmeli bolıarlar. Galyberse-de, iòlis dili dünıäde iò giòden ıaıran dil bolansoò, häzirkizaman täzeliklerini bilip, döwürden galmajak bolsaò, haısy kärde bolsaòam ilkinji nobatda iòlis dili gerek.

— Okuwyò kynlaºdyrylan ºertde, ıagny daºary ıurt dilinde okadylmagy okuwçylara edep bermek meslesine wagt bir goııarmy?

— Biziò iºimiziò, ºol sanda her bir mugallym kärdeºimiò iºiniò iò jogapkärli ıeri çaga mugallymyndan diòe bilim däl, edep-terbiıe-de almaly. Bilim bermegiò ıollary, usuly dünıä boıunça öwrenilip ıör. Bu ugurda anyk görkezmeler, meıilnamalar bar. Emma edep-terbiıe iºini belli bir usula salmak, meıilnama esasynda alyp gitmek kyn bolıar. Çünki her çaga aırybaºga bir dünıä. Olaryò hersiniò öz dilini tapmaly, bilmeli bolıar. Hakyky mugallymyò bilmeli ºol dilleriniò sany okadıan okuwçysynyò sanyna barabar. Onsaò, baº alyp çykaıjak bolsaò, zähmeti kän çekmeli bolıar. Fizikany okadıan mahalyò sen mugallym bolsaò, galan wagtyòda sen çaganyò ene-atasyna öwrülmeli bolıar. Özem nähili ene-ata çagany söııän, emma lälirgetmeıän, çagadan talap edıän, emma ony özünden ürküzmeıän… Baºarsaò ideal ene-ata bolmak gerek. Edep bermäge wagtyò ıetmezçiligi hakynda-ha gürrüòem bolup bilmez.

Beıik Serdarymyzyò Altyn asyrda Altyn nesli kemala getirmek barada öòümizde goıan wezipesini berjaı etmek üçin biz baºarnygymyzy artdyrmaga çalyºıarys.Iºimiziò netijeliligini ıokarlandyrmaga gönükdirilen, emma heniz doly özleºdirmedik ıerlerimiz bar bolaımasyn diıip biz mydama gözlegde gezıäris. Edil lukman ıaly mugallyma hem özünden hoºal bolup bilimini artdyrmasyny goımak bolmaıar. Lukman ynsanyò ömrüniò uzak bolmagy üçin yhlas edıän bolsa, biz — mugallymlar ömrüò netijesiz bolmazlygy, ıele gitmezligi üçin alada etmelidiris.

Bu täsin mekdepleriò Watanymyzda 13-si ıagny, Türkmenbaºyda, Balkanabatda, Maryda, Baıramalyda, Daºoguzda, Köneürgençde, Türkmenabatda, Atamyratda, Tejende, Büzmeıinde we paıtagtymyzda hem üçüsi bar. Olardan paıtagtaymyzdaky mekdepleriò biri Gyzlar mekdebidir. Bu mekdeplerde ogluòyzy ıa-da gyzyòyzy okatmagy niıet etseòiz kabul ediºlik baradaky bildiriºleri gündelik metbugatdan okap bilip bilersiòiz.

Täsin mekdeplerde okaıan çagalar hem hakyky döwrebap bilimli, özboluºly pikirlenip bilıän ıaºlar bolup ıetiºıärler. Muòa göz ıetirmegiòiz üçin türkmen-türk mekdebiniò ıokary klas okuwçylarynyò ıazan düzmelerinden käbirini dykgatyòyza hödürleıäris.

 


Berkemedik ömrüm

Ömrümde köp zady öwrendim, ıene-de öwrenıän. Ömrümdäki hemme zatlary çöle, ıagny içinde aòòyt-aòòyt gum depelerine meòzetdim. Diòe duran ıerimi we depelerden aºylıan ıerleri görıän. Käwagt bolsa diòe öòümi görıän. Yzyma sereden wagtlarymam bolandyr. Hakyky ömre 13-14 ıaºlarymda baºlandyryn. Ondan öòki ömrüm diòe täze dogan suw pyºdylynyò ıumurtgadan çykyp, deòze çenli geçen ıoluna meòzeıär. Men edil ºol pyºdyl çagasy ıaly özüm üçin taıynlanan ykbala tarap ylgap barºyma kynçylyklar we ömrüme täsir edip biljek zatlary gördüm. Aslynda, iò esasy zat baºlangyç we soòdur. Baºlangyjymy „eıdip-beıdip“ baºladym, umyt edıärin soòumam gowy bolar. Çagalygymdan söz açsam, men oòa ortadan pes hem o diıen mynasyp bolup bilmedim. Emma men umytly. Çagalygymdan hoºal, we hiç hili ºikaıadym ıok.

Dür daºlary emele gelende, tozanjykdan baºlanıar. Soò bolsa „dür“ bolıar durberıär. Ine menem, çagalygymy ıatlasam, dür dänejigi ıaly bolmalydym.

Dünıä taryhy üç bölüme bölünip öwrenilıär. Geçmiº, häzirki döwür we geljek. Adam hem dünıä meòzeıär. Onuòam geçmiºi, häzirki döwri we geljegi bar. Geçmiºim öz gören uzak düıºümdir. Emma ol ºeıle bir düıº, men onda erkana. Näçe erkinem bolsam, ıene-de… ıene-de… erkinligimi ulanyp bilmedim. Öòümden bir daº çykanda, baºgalaryò täsiriniò ıesiri boldum. Daº ıerine kesekler bilen ulaºdym. Käºkä, ºo wagtlar aòymdaky ters pikirleriò täsirinde bolman, meniò göwnümi ynjaldyryp, hakyky erkanalyga ıetirjek güıje sygnan bolsadym. Bu meniò ters pikirler bilen ıola düºenimi aòlatmaıar. O güıje sygnyp el uzatmadygam bolsam maòa uzan gollar bolupdy.

Bu düıºümden men ıaòy oıandym. Saglygym, ıürek urºum we dem alºym kadaly. Maòa el uzadan tarapdan atylan tohumdan gögeren agajyò miwesidirin men. Topragy görüp bilmesemem, töweregimdäki ıapraklary, ºahalary we miweleri görıärin. Bu agajy ıürekden söıdüm we ondan üzülmekden gaty gorkıaryn. Geljegim göz öòüne getirerden kyn. Çünki geljegimiò düıºüni heniz görmedim. Geljekden soò bolsa ömrümiò soòy geler.

Muòa garamazdan geljegim hakynda käbir pikirlerim we arzuwlarym bar. Her bir ıaº ıigitde bolºy ıaly, meniòem uniwersitete girmek arzuwym bar. Men uniwersiteti özümi çuòlaºdyrjak mekan ıaly görıärin. ªeıle bir çuòluga çümeıin welin, oıalykda çuòlugym ıaly boıum bolsun. Käteler kakam ıadyma düºüp gynanıan. ªonuò üçinem kaka bolup kakamyò asyl gymmatyna düºünmek isleıärin. ªonuò ıalam meniò söıdügim hem-de meni söıen dostlarymyò bolmagyny arzuw edıärin. Yzyny bolsa düıºümi göremde dowam ederis.

İazmyrat Amangeldi
Büzmeıin ºäheirndäki türkmen-türk mekdebiniò okuwçysy


On alty ıyllyk ömri ıaºadyk

Ömür bize nämeleri berdi? Nämeleri berip bilsin? İaºap ıörºümize ömürden biz hiç zada garaºmalam däldiris. Çünki ol bize hiç zat beribem bilmez. Onda bize berere zat ıok. Aslynda „ÖMÜR“ ıönekeı bir söz ahyryn. Adamlaryò dünıäde ıaºamaklaryna ömür diıilıär.

Adamlaryò ömürden nämä-de bolsa bir zada garaºyp ıörüºlerine hiç düºünip bilmeıärin. Ömür bize näme berip bilsin, ol biziò öz ıaºap emele getiren ömrümiz dälmi näme? Biz ene garnynda üç aılykkak ömrümiz baºlanıar. Ölüm bilenem ol soòlanıar. Bu dünıä biziò bilen baºlanyp, töweregine haıran bolup bakan, biziò bilenem soòlanan zatdan näme islenip bilner?

Bizden öòem bar bolan, biz barkagam, bizden soòam ıitip gitmän bizi özünde göterjek dünıädir. Bizden öòem onda millionlarça adam ıaºap geçipdir. Dünıäniò bu ıagdaıyna göz ıetip duran ondan nämäni islesin? Adam dünıäniò özüne hiç zady berip bilmejekdigine düºüner we gözleri ıaºdan dolar.

Heniz dünıä gelmänkäk İer ºarynda biziò ıaºamagymyz üçin käbir zatlar öòünden taııar edilip goılandyr. ªol zatlardan baºga bize dünıä hiç bir zady taııar görnüºde bermez. Köp zatlary biziò özümiz gazanmalydyrys, iºläp döretmelidiris. Dünıä diıilıände zat köp bolsady, ol zadyny açlyk çekıänlere paılardy. Akyly bolsady, ol ony ömrüni haıwanlar ıaly ıaºaıan, käwagt bolsa ondanam pese düºıän adamlara bererdi. Dünıäden bize berenlerinden artykmajyna tamakin bolmak haıasyzlyk bolar.

Men aç däl, gyºda üºämok, ıagyºdan we jöwzadan goranara öıüm bar. Men razy. Dünıädäki baºga adamlara meniòkiçe-de zadyò berilmänini görüp durkam, ıene-de berer diıip garaºmak aıyp bolar. Esasy zat menden razy bolsunlar.

Bekmyrat Kuwwat
Büzmeıin ºäheirndäki türkmen-türk mekdebiniò okuwçysy


İyldyzly asmana bakyp

İyldyzlara sagatlap bakaòda olar saòa bir zatlar aıtmak isläp, seniò bilen gürleºesi gelip, saòa has ıakynlaºan ıaly bolup görünıär. İyldyzlar uçganaklap lowurdaıarlar. Edil biri-birleri bien gürleºıäne meòzeıärler. İyldyzlar hem ynsanlar ıaly söhbet edıärmikäler?

Birdenem uly-uly parlak ıyldyzlar kiçele-kiçele, uzaklaºa-uzaklaºa sönüp gidıän ıaly görünıärler. Kim bilıär, olar adamlardan gaçıandyrlar. Eger ıyldyzlar adamlar bilen bile bolup bilsediler, gürleºip bilsediler, biri-birlerine arkadaº hem dost bolup bilsediler, nähili bolardyka?

Her agºam ıyldyzlar adamlar bilen hoºlaºardylar. Adamlar öılerine, ıyldyzlar bolsa älemlere siòerdiler. İyldyzlar älemden ıere, ynsanlar bolsa ıerden äleme bakardylar. Säher bilen Gün dogmanka hoºlaºmaga gidersiò. Seniò Gündiziò baºlar, Güneºden gizlenen ıyldyzlar bolsa gider ıatmaga.

Wagt gijä ıakynlaºıar. Towugyò ıelegi ıaly ıuka bulutlar asmana seçilipdir. İaºyp barıan Günüò yºyklary olaryò içinden parran geçipdir. Edil bir suratkeº garaòkylyga duwlanmankalar oòatja reòkläıin diıen ıaly, olaryò üstünden dünıäniò ähli gözel reòklerini döküpdir.

Bir-iki sagatdan bulutlar garaòkylyga siòip giderler we ºar gara älemde ıyldyzlaryò öòüne çekilen perdeler ıeke-ıekeden syrylar. Garaòky gijä ıagtylyk ıetmeıär diıip uzaklardan ıyldyzlar öz yºyklaryny gysganman saçmaga baºlarlar. Gijelerine asamana bakamda edil arwahlar dünıesi hakykatdan hem jübüsindäki ähli almaz daºlaryny gök ıüzüne gaçyran ıaly görünıär. Emma olar bir ıere dökülmän tutuº äleme deò seçilipdir. Edil obalarda bugdaıyò ekiliºi ıaly.

İyldyzlara has ünsli seredemde olar bir zatlar düºündirmek üçin göz ümleıän ıaly göründiler. Belki her ynsanyò öz ıyldyzy bardyr? Belki olaryò hersi bir ynsana bir zat diımek isleıändir? Emma, gynansak-da, bu olaryò hiç birine baºartmaıar. Gök ıüzünde müòlerçe, millionlarça belki-de milliardlarça ıyldyzlar bolup, belki olaryò hem hersiniò öz ömri bardyr? Olarda-da biziòki ıaly barlyklaryò ıaºap ıören bolmagy hem mümkin. Biz hem olara ıyldyzlaryò biri bolup görünıändiris. Olaram bize bakyp dürli arzuwlar edıändirler, belki-de biziò bilen dostlukly gatnaºyk açmak isleıändirler. İa bizden garaºıan zatlary barmyka olaryò? Inºalla ynsan ogly olara ıetmek üçin bir usul tapar. ªol döwürde biz hem arzuwymyza ıeteris. Ata-babalarymyz asmana bakanlarynda ol dury bolsa diımek dünıäde hemme zat gowulykdyr, abadançylyk höküm sürıär diıer ekenler.

Gurbannazar Hudaınazarow
„Baºkent“ türkmen-türk mekdebiniò okuwçysy.


Ölmeıän dost

Ol dost hemmeleriò dostudyr. Hemmeler hem onuò dosty. Biziò — adamlaryò arasynda onuò ıaly hemmeler bilen dost bolmagy baºarıan gaty azdyr. Biz diòe obamyzda, ºäherimizde, döwletimizde ıa-da iki döwletde tanalyp bileris we hakyky dost tutunyp bileris. Emma diııän dostum, dünıäde ıediden ıetmiºe, ähli adamzadyò dostudyr. Soltanlaryò, gullaryò we ähli wezipedäkileriò dostudyr.

Soran ähli zadyòa jogap berip bilen, dünıädäki we tutuº älemdäki üıtgeºmeleriò hemmesinden habardar bolan, hemmesini bilen dostdur. Jümle-jahandaky ähli janly we jansyz zatlary bilen we öwreden dostdur. Adamlara berjaı edilmesi iò zerur iºleri salgy beren we iò dogry ıoly görkezen ol dostdur. Ol dost KITAPDYR. Emma nähili kitap?

Düºünen we okap bilen üçin jümle älem hem bir kitapdyr… Kitap bardyr adama ylym öwreder, ähli zady bildirer. Kitap bardyr öòümizden çykyp biljek kynçylyklary ıeòip geçmegiò ıollaryny öwreder. Kitap bardyr ynsany rahatlandyrar, ıaralaryna melhem bolar. Kitap bardyr haısy ıoldan gitseò ahlakly, baºarjaò, bilimli boljakdygyòy, adamlar bilen dost bolup ıaºamagy — adam bolmagy düºündirer. İene kitap bardyr adamlary adalata çagyrar, Darwiniò kitaby ıaly adama aslyò maımyndyr diııän kitaplar hem bardyr. Käbir kitaplary okadygyòça okasyò geler, käbirlerini bolsa bir ıana taºlarsyò, ony okasyò gelmez…

Diımek, dost seçemizde — okara kitap saılamyzda biz özümize peıdalysyny saılamalydyrys. Ebedi dost bize hakykaty beıan edıän kitapdyr.

İagmyr Berdimyrat
Büzmeıin ºäheirndäki türkmen-türk mekdebiniò okuwçysy


GÜJEÒLEME (reklama) MAZAMLAMA

Türkmen-türk mekdepleri
Türkmen-Türk Mekdepleri


Türkmen-Türk Mekdepleri
BILIM SERGISI
Aºgabat-2000


habarlaºmak üçin tkm2000@aport.ru