Bash sahypa git

Eıho! Indi Yahoo türkmen elipbiıinde gözleıär!


OKA gyzykly zatlary

BAR indekse
GEZ internetde
AL gerek zatlary
OKA gyzykly zatlary
BiL maglumatlary
GÜL gülkä
GÖR suratlary

 

gorosk.jpg (29253 bytes)

İaºulynyò
ıaºy näçe?

Biziò ata-baba gelıän salamlaºmagyò özboluºly düzgüni bar. Aòyrdan gelen oturanlara, atyò üstündäki pyıada barıana, kiçi ula salam berıär. Berlen salam hökman „waleıkimessalam“ diılip alynmalydyr. ªondan soòra kimiò-kime salam berendigine garamazdan ıaºy uly ıaºy kiçiniò hal-ahwalyny soramaga durıar. Uly adam hal-ahwal soramasyny bolandan soò, ıagdaı soraºmak gezegi kiçä berilıär. ªonda kimiò ıaºynyò uludygyny kesgitlemek we ilki soraºmak hukugynyò kimiòkidigini anyklamak üçin salam beren „soraºyò“ diııär. Salam alan özüne edfilen hormata jogap edip „aıdyberiò „ diıip jogap berıär. Salam beren aç-açan salamy alandan kiçi bolsa „sizdendir“ diıip, soraºmak gezeginiò özüne degiºli däldigini aòdyrıar. Diòe ºondan soò ıaºy uly ıaº kiçiden „Saglyk-amanlykmydyr? Eneò-ataò, oglan-uºak, öı-içeriler gurgunçylykmy? Mal-gara, ekin-tikin baº bitinmidir?“ diıip soraºdyrmaga durıär. Sowallar salamlaºıanlaryò ıäºyna, edıän kärine görä üıtgäp biler. Dogrusy olar manysy taıdan känbir tapawutlanmasa-da, salamlaºıanlaryò biri-birini ıakyn tanaıyºlaryna, dilleriniò çeperligine görä-de dürli-dürlüdir.

Salamlaºmak birek-birege hormat goımagyò ilkinji nyºany bolansaò, hal-ahwal soraºylanda gezegiò ıaºy ula berilmegi hökmandyr. Eger ıaº kiçi salam berip, yzy bilenem gezegine durman „Agam, ıagdaılaryòyz nähili?“ diıip soraºdyryberse bu biedeplik hasaplanıar. El uzadyp, görüºilip salamlaºylanda-da ıaº kiçi ıaºy ulynyò elini ilki uzadaryna garaºsa, onuò salamlaºmagyò inçe düzgünlerini bilıändigini görkezer.

Kä halatlarda salamlaºyp bolnandan soòra salam alan özüni salam berenden kiçidir diıip güman etse, ondan ıylyny sorar. Salam beren „Men pylanynjy ıylda doguldym“ diıip durman, mysal üçin, „luw“ diıip jogap berer. Bu jogaby alandan soò sorag beren içinden ıyl öwürmäge oturar we salamlaºan adamyò ıaºyny hasaplap çykarar.

„İyl öwürmek“, „luw“ diımek näme manyny aòladıar? İaºy uly salam bereniò ıaºyny nädip hasaplady?

Gündogar ıyl hasabyna görä ıaº kesgitlemek ıyl öwürmegi aòladıar. İokardaky ºekilde görºüiòiz ıaly gündogar ıyl hasabynda ıyllaryò hersi bir haıwanyò ady bilen atlandyrylypdyr. Biziò mysalymyzdaky ıyl öwren ıaºuly öz ıylynyò nämedigini we onuò näçinji ıyl bolıandygyny bilıän bolmaly. Ol 1946-njy ıylda doglan we onuò ıyly „it“ diıip alalyò. Salam bereniò ıyly „luw“ bolup, salamyny alandan ıaºy kiçi bolsa 1947 — „doòuz“, 1948 — „syçan“… diıip hasaplap ugrasak „luw“ ıyly 1952-nji ıyla gabat gelıär. Emma salam bereniò salam alandan alty ıaº uly bolup, 1940-njy ıylda „luw“ ıyly doglan bolmagy hem mümkin ahyryn? Synçy adamlar özünden alty ıaº uly adama aòsat-aòsat alty ıaº kiçidir diımezler. Bardy-geldi göwnüne çiglik gidäıse-de, ıaºy hasaplanıan adamdan „Näçe müçäni gördüò?“ diıip sorar. İagny her müçe 12 ıyly aòladyp, bir müçäni gören 12 ıaºdan, iki müçäni gören 24 ıaºdan, üç müçäni gören 36 ıaºdan geçen bolıar. Indi ıalòyºmak mümkin däl.

Gündogar ıyl hasabyna esaslanyp, ıylyò ygally ıa gurak geljekdigi, doglan ıylyna görä adamyò hüı-häsiıeti, täleıi barada çaklamalary aıtmak hem bolıar.


GÜJEÒLEME (reklama) MAZAMLAMA


habarlaºmak üçin tkm2000@aport.ru